×
Bu gysgaça makala Şeýh Muhammet ibn Salyh Al-Useýminiň "Iman esaslarynyň şerhi" atly kitabyndan alnan bir parçadyr. Çünki bu makala, yslamyň alty sütünlerini we yslam akydasynyň esaslaryny kuran we sünnetden delilli, gysgaça beýan edýändir.

    Yslamyň sütünleri we akydanyň esaslary

    أركان الإسلام وأسس العقيدة

    < التركمانية – Türkmençe - Turkmen >

    Ýazyjy: Hormatly Şeýh Muhammet ibn Salyh Al-Useýmin

    المؤلف: فضيلة الشيخ محمد بن صالح العثيمين

    —™

    Terjimeçi: Ebu Ibrohim Al- Merwezi

    Gözden geçiren: Halid Ebu Enes Türkmen

    ترجمة: أبو إبراهيم المروزي

    مراجعة: خالد أبو أنس التركماني

    Yslamyň sütünleri

    Yslam dininiň bina bolýan esaslary bäşdir. Ibn Omar-yň -Alla ondan razy bolsun- rowaýat etmegine görä, Pygamber -sallallahu aleýhi we sellem- aýtdy: "Yslam bäş zadyň üstünde bina bolýandyr: Alla tagalany ybadatda birlemek... Başga hadysda : "Alladan başga ybadata mynasyp ilähiň ýokdygyna we Muhammet hem Onuň guly we ilçisidigine şaýatlyk bermek, namaz okamak, zekat bermek, roza tutmak, we haj etmekdir." (Buhary we Muslim).

    1- "Alladan başga ybadata mynasyp ilähiň ýokdygyna we Muhammet hem Onuň guly we resulydygyna" şaýatlyk barada söz açsak, bu şaýatlyk dil bilen aýdylan sarsmaz ynançdyr. Bu sarsmaz ynanjy aýdýan kişi, ynanýan zadyny, görýän derejede aýtmagydyr. We bu şaýatlyk bir sütünden ybarat bolaýanda-da, onuň içine alýan zatlary kändir.

    Çünki Pygamber -sallallahu aleýhi wesellem- Alla tagala tarapyn iberilen pygamberdigine we Onuň gulydygyna şaýatlyk bermek, iň ýokary şaýatlyklardandyr.

    Beýleki bir tarapdan bu iki şaýatlyk (ýagny, Alladan başga ybadata mynasyp ilähiň ýokdygyna we Muhammet hem Onuň guly we resulydygyna" şaýatlyk) musulmanyň amallarynyň kabul bolmagy üçin esasdyr. Çünki amallar, tä ýeketäk Alla tagalanyň Özüne ybadat edilip we Pygamber -sallallahu aleýhi wesellemiň- öwredişi ýaly ýerine ýetirilýänçä, hiç kabul bolmaz. Sebäbi, Alla tagalanyň ýeke Özüne ybadat etmek bilen iki şaýatlygyň birinji bölegi bitip, Pygamber -sallallahu aleýhi wesellemiň- ähli getiren zatlaryny, öwredişi ýaly etmeklik bilen hem, şaýatlygyň ikinji bölegi (ýagny,"Muhammet hem Onuň guly we resulydyr") ýerine ýetýändir.

    Bu beýik şaýatlygyň miwelerinden mysal: Kalbyňy we nebsiňi ýaradylan mahluklara gul bolmaklykdan azat etmek we pygamberlerden başgalara eýermeklikden päklemekdir.

    2- Namaz okamak: “Bu, belli bir görnüşde, belli wagtlarda, dogry we doly şekilde Alla tagalaga edilýän ybadatdyr". Bu ybadatyň miwelerinden: kalbyň giňemegi, bagtyýarlyk, we gaýtarylan pysky-pujur işlerden daşlaşmagyňdyr.

    3- Zekat bermek: “Bu, belli bir mukdarda wajyp bolan zekaty, emläkleriňden çykarylyp, (mätäçlere) bermeklik bilen, Alla tagala edilýän ybadatdyr". Bu ybadatyň käbir miwelerinden mysal: nebsiňi gysgançlykdan päklemek, Yslamyň we musulmanlaryň hajatlarynyň bitirmekdir.

    4- Roza tutmak: “ Bu, remezan aýynyň gündüzinde (ýagny, erte namazdan tä agşam namazyna çenli aralykda), agzyňy açýan zatlardan saklanmaklyk bilen edilýän ybadatdyr". Munyň peýdalaryndan bolsa, söýýän zatlaryňy Alla tagalanyň razylygy üçin taşlamaklyga nebsiňi üýgunlaşdyrmakdyr.

    5- Haj etmek: “Bu, hajyň belli däplerini ýerine ýetirmek üçin, Käbä gitmeklik bilen, Alla tagala üçin edilýän ybadatdyr". Bu ybadatyň käbir miwelerinden mysal: maddy harajatlar we bedeni güýç-gaýratyňy sarp edip, Alla tagalanyň tagat-ybadatyna, öz nebsiňi uýgunlaşdyrmakdyr, şu sebäpden hem haj ybadaty Alla ýolundaky "Jihädiň" bir görnüşi bolandyr.

    Bu bäş sütüniň dürs bolmaklygy, beýleki amallaryň hem dürs bolmaklygydyr!

    Ýokardaky esaslar barada ýatlap geçilen we ýatlap geçilmedik miweler, Yslam ymmatyny arassa, päk ymmata öwürýändir. Ol ymmat hak dine uýup, ähli janly-jansyz bilen dogruçyllyk we adalatly gatnaşyk edýändir. Elbetde, Yslam dininiň beýleki buýran we gaýtaran zatlary, şol sütünleriň üstünde bina bolýandyr. Indi kim ýaňky aýdan zatlarmyzyň anygyna ýetesi gelse, onda, goý ol Alla tagalanyň şu aýatlaryny okasyn :

    “Eger şol ýurtlaryň ilaty iman getirip‚ (Alla garşy çykmakdan) saklanan bolsadylar‚ onda, elbetde‚ Biz üstlerine asmandan‚ ýerden ençeme bereket we bolçulyk gapylaryny açardyk. Ýöne olar pygamberleri ýalançy hasapladylar. Biz hem eden erbetlikleri sebäpli, olara jeza berdik. Şol obalaryň ilaty gijelerine uklan mahallary Biziň belamyzyň duýdansyz geljeginden arkaýyn boldularmyka? Ýa-da olar gündiziň günortany şagalaň-şatlykda wagtlary Biziň azabymyzyň geljeginden arkaýyn boldularmyka? Ýa-da olar Allanyň duzagyndan (mekirinden) arkaýyn boldularmyka? Allanyň duzagyndan diňe öz-özüne zyýan etjek kowum arkaýyn bolar". (El-Agraf:96-99).

    Goý, ol, öňki geçenleriň taryhyna seretsin, şeksiz, taryhda akyl eýeleri üçin, uly ybrat-görelde we kalbyna perde örtülmedikler üçin, sapaklar köpdür.

    Alla tagalanyň özi ýardam bersin!

    Yslam akydasynyň esaslary

    Belläp geçişimiz ýaly, takyk, Yslam dini "Akyda" we "Şerigatdyr" we Şerigatyň esasy bolan, Yslam dininiň sütünlerini hem, ýatlap geçipdik. Emma "Yslam akydasy" barada aýtsak, onuň düýp – esasy: Alla tagala, onuň perişdelerine, kitaplaryna, pygamberlerine, ahyret gününe, takdyryň haýryna we şerine iman getirmeklikdir.

    Bu esaslara Alla tagalanyň kitaby we Onuň Pygamberi Muhammet-sallallahu aleýhi wesellemiň-sünneti delalat edýändir.

    Bu babatda Alla tagala kitabynda şeýle diýýär:

    "Ýagşylyk (takwalyk) diňe siziň ýüzüňizi (namazda) Gündogar we Günbatar tarapa öwürmegiňiz däldir. (Hakyky) ýagşylyk (takwalyk) kimde-kim, Alla, ahyret gününe, perişdelere, kitaba, pygamberlere ynanyp,..." (Bakara:177).

    We takdyr barada Alla tagala şeýle diýdi:

    "Takyk, Biz ähli zady bir ölçege görä ýaratdyk. Biziň emrimiz, göz gyrpmasy (salym) ýaly, diňe bir gezek («Bol!» diýmekden ybaratdyr). " (El-Kamar:49-50).

    We pygamberimiziň -sallallahu aleýhi wesellemiň- sünnetinde, haçanda Jebraýyl perişde Pygamberimiz -sallallahu aleýhi wesellemden- Iman barada soranda: "Iman: bu, seniň Alla tagala, onuň perişdelerine, kitaplaryna, ahyret gününe, takdyryň haýryna we şerine ynanmagyňdyr" diýdi." (Ymam Muslim).